160
Türkmençe
Giriş
Satyn almagyňyz bilen gutlaýarys we Philips dünýäsine hoş geldiňiz! Philips tarapyndan hödürlenilýän
goldawdan doly peýdalanmak üçin önümiňizi www.philips.com/welcome salgysynda bellige aldyryň.
Enjamy ulanmazdan ozal şu ulanyjy gollanmasyny, möhüm maglumat kagyzyny we çalt başlangyç
ýolbeledini üns bilen okaň. Olary geljekde gollanmak üçin saklaň.
Önüme umumy syn (Şekil 1)
1
Suw üpjünçilik şlangasy
2
Bug goýberiji/Güýçli bug
3
Ütügiň taýýardygyny görkezýän çyra
4
Ütügiň dabany
5 Ütügiň platformasy
6
Göterileninde gulpy ýazdyrýan düwme
7
Suw gabyny doldurmak üçin gapak
8
Suw üpjünçilik şlangasy saklanýan bölüm
9
Elektrik dürtgüji bilen elektrik kabeli
10
Çyraly CALC-CLEAN düwmesi
11
Enjama tok berlip durandygyny görkezýän çyraly we awto-öçürmek çyraly açýan/öçürýän düwme
12
Çyraly ECO düwmesi
13
Akylly Calc-Clean gaby
Philips tarapyndan aýratyn tehnologiýa
OptimalTEMP tehnologiýasy
OptimalTEMP tehnologiýasy ütügiň temperaturasyny düzmezden we geýimleri sortlamazdan islendik
görnüşli matalary islendik tertipde ütüklemäge mümkinçilik berýär.
Ütügiň dabany gyzgyn wagty ony ütük tagtasynyň üstünde goýmak howpsuz bolup durýar (Şekil 2), ütügiň
platformasyna ýerleşdirmek zerur bolmaýar. Şeýle etmeklik siziň bilegiňize düşýän agramy azaltmaga
ýardam berýär.
Ykjam ProVelocity tehnologiýasy
Bu tehnologiýa ýygyrtlary aňsatlyk bilen aýyrmak üçin eşiklere siňýän üznüksiz bugy üpjün edýär. Şol bir
wagtyň özünde ol enjamyň adaty bug öndürijilerden has ykjam we ýeňil bolmagyny üpjün edýär, bu bolsa
ony ammarda saklamagy aňsatlaşdyrýar (Şekil 3).
Ulanyşa taýýarlamak
Ulanylmaly suwuň görnüşi
Enjamyňyz şäheriň suw ulgamyndan alnan suw bilen işlemäge niýetlenilen. Emma, ýaşaýan sebitiňizdäki
suw talh bolsa, enjamda gysga wagtda galyndylaryň toplanmagy mümkin. Şol sebäpli, enjamyňyzyň hyzmat
ediş ömrüni uzaltmak üçin distillirlenen ýa-da mineralsyzlaşdyrylan suwy ulanmak maslahat berilýär.
Duýduryş:Ys berijili suw, guradyjy enjamdan çykan suw, sirke, krahmal, galyndyny aýyrýan
serişdeler, ütük etmekde kömekçiler, himiki taýdan galyndysy aýrylan suw ýa-da başga himikatlary
ulanmaň, sebäbi olar suwuň dammagyna, goňur tegmillere ýa-da enjamyňyza zeper ýetmegine ýol
açyp biler.
Suw gabyny doldurmak
Her gezek ulanmazdan ozal ýa-da suw gabyndaky suwuň mukdary iň pes derejeden aşak düşeninde suw
gabyny dolduryň. Suw gabyny enjamy ulanýan wagtyňyz islendik pursatda dolduryp bilersiňiz.
1
Suw gaby doldurylýan gapagy açyň (Şekil 4).
2
Suw gabyny MAX görkezijisine çenli dolduryň (Şekil 5).
3
Suw gaby doldurylýan gapagy ýapyň (tykgyldy sesi).